Eltip bermek hyzmatyny hödürleýän «DoorDash» kompaniýasy 2022-nji ýylda hem ösüş gazanmagyny dowam eder. «DoorDash» 2021-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda ABŞ-nyň 5,5 milliard dollaryndan gowrak girdeji gazandy. Bu görkeziji kompaniýanyň 2020-nji ýylyň dokuz aýynda gazanan ABŞ-nyň 2,9 milliard dollaryndan iki esse artykdyr. Şeýle-de «DoorDash»-yň 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça, ABŞ-da iýmit üçin çykdajylar, takmynan, ABŞ-nyň 1,8 trillion dollaryna barabar bolar.