Hytaýyň «TikTok» internet ulgamy azyk önümlerini eltip bermek hyzmatyny ýola goýýar diýip, «Metro» neşiri habar berdi. Habara laýyklykda, hyzmat «TikTok Kitchen» ady bilen belli bolar we ol 2022-nji ýylyň mart aýynda işe başlar. Sargyt edip bolýan azyk harytlarynyň sanawyna sosial ulgamlarda meşhurlyk gazanan tagamlar girer. Neşiriň habaryna görä, müşderiler hyzmatyň işe goýberilen ilkinji döwründe bişirilen feta peýnirini, mekgejöwen patragyny we unaş çipslerini sargyt edip bilerler. Şol birwagtyň özünde, «TikTok» öz jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryny açmaz, ýöne islendik restorandyr kafe onuň hyzmatlaryna goşulyp biler.