«McDonald's» korporasiýasy, takmynan, üç ýyl öň satyn alan «Dynamic Yield» sanly ulgam kompaniýasyny dünýäniň iň iri töleg operatorlarynyň biri — «Mastercard» kompaniýasyna satýar. «McDonald's», «Dynamic Yield»-iň tehnologiýalarynyň kömegi bilen söwda terminallary arkaly edilýän söwdalaryny ösdürmek maksatly bu kompaniýany 2019-njy ýylyň mart aýynda ABŞ-nyň 300 million dollaryna satyn alypdy. Şol geleşik «McDonald's»-yň soňky otuz ýylyň dowamynda amala aşyran iň uly satyn alşy bolupdy. Şertnamanyň resminama işlerini 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda tamamlamagy meýilleşdirýärler. Geçen birža söwdalarynda «McDonald's»-yň paýnamalary 1%, «Mastercard»-yň paýnamalary bolsa 2% ýokarlandy.