Ajaýyp sowgatlar

24 Dekabr 2021
1640

Täze ýyl adamlara, aýratyn hem, çagalara ýatdan çykmajak täsirleri hem-de şatlykly duýgulary paýlaýan baýramçylykdyr. Bezelen arçalaryň daşynda çagalar goşgudyr aýdymlary aýdyp, Aýazbabadan alýan sowgatlaryna guwanyp, şatlyk-şowhuny has-da artdyrýar. Täze ýyl sowgatlyklaryny taýýarlamak üçin ýurdumyzyň hususy telekeçileri gije-gündiz yhlasly zähmet çekýärler. Şeýle kärhanalaryň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, «Hasar» hojalyk jemgyýetidir. Biz hem bu kärhananyň orunbasary Merdan Şükürow bilen söhbetdeş bolduk.

— Hormatly Prezidentimiz «Ýurdumyzda hususy işewürlik ulgamynyň pugta binýadynyň döredilendiginden peýdalanyp, halkymyzy özümizde öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmegi dowam etmek zerurdyr» diýip belleýär. Bu sözlerden ruhlanýan türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň görnüşleri we möçberleri günsaýyn artýar. Ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanýan hususy işewürler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Bu gün milli haryt nyşanlarymyzyň meşhurlygy barha artyp, ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň öndürýän önümleri içerki we daşarky bazaryň arzyly harytlaryna öwrülýär.

Dursun HOJATOWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar