Her bir halkyň öz medeniýeti bar, ol şol medeniýeti bilen dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna goşandyny goşýar. Biziň keremli topragymyz bolsa hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, adamzadyň medeni ösüşiniň sallançagydyr. Milletiň millet hökmünde tanalmagyna getiren türkmen medeniýeti ajaýyp ösüşleriň we kämilligiň ýoluny geçdi, dünýäniň medeni genji-hazynasyna taýsyz milli gymmatlyklaryny goşdy. Ynha, bular barada biz Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň dünýä taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň dosenti, taryh ylymlarynyň kandidaty Açyldurdy Taganow bilen söhbetdeş bolduk.
— Söhbedimizi gözbaşyny müňlerçe ýyllardan alyp gaýdýan özboluşly milli medeni mirasymyz barada hormatly Prezidentimiziň ýazan eserlerinden başlaýsak örän ýerine düşjek. Şol eserlerde henize çenli aýdylmadyk köpsanly gymmatly pikirleriň alym hökmünde siziň ylmy gözlegleriňizde, taryhy öwretmeklik ýaly haýyrly işiňizde ýol-ýörelgelik ähmiýeti örän uly bolsa gerek?!