ABŞ-nyň «Ford Motor» kompaniýasy Taýlanddaky «Ranger» kysymly pikaplary we ýokary geçirijilikli «Ewerest» awtoulagyny öndürýän zawodlaryny döwrebaplaşdyrmak üçin, ABŞ-nyň 900 million dollaryny maýa goýar. Kompaniýa Taýlanddaky zawodynda we «Mazda Motor» bilen bilelikdäki «AutoAlliance Thailand» kärhanasynda önümçilik robotlarynyň sanyny iki esse köpelder. Şol birwagtyň özünde, maýa goýumyň ABŞ-nyň 400 million dollaryna barabar möçberi kompaniýanyň önümini bazara çykarmak ulgamy üçin harçlanar. Şeýle hem «Ford» önümçiligiň ikinji çalşygyny ýola goýar, bu bolsa ýene 1250 täze iş ornunyň döredilmegine getirer. Netijede, Taýlandda kompaniýanyň zawodlarynyň işçi güýji 9000-den gowraga çenli artar. Taýland Aziýanyň iň uly awtoulag ýygnamak we eksport etmek merkezidir, pudak ýurduň jemi içerki önüminiň, takmynan, 10%-ini tutýar.