Gadymy jaňlar

9 Dekabr 2021
2446

Diýarymyzyň taryhyny, milli mirasyny, taryhy ýadygärliklerini öwrenmekde hem-de taryhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, jemgyýetiň aň-bilim kuwwatyny artdyrmakda muzeýleriň goşandy uludyr. Medeni mirashana hasaplanylýan muzeýlerimizde gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýurdumyzyň gadymy ýadygärliklerinden tapylan taryhy tapyndylar milli gymmatlyk hökmünde aýawly saklanylýar, abatlanylýar we öwrenilýär. Bu taryhy gymmatlyklary synlan her bir adam türkmen halkynyň dünýä medeniýetine uly goşant goşandygyna doly göz ýetirýär.

Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde hem ata Watanymyzyň taryhyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine degişli bolan gymmatly tapyndylaryň uly topary saklanylýar. Muzeýde sergilenen gadymy jaňlar taryhda halkymyz tarapyndan olaryň giň gerimde ulanylandygy barada habar berýär. Bu täsin görnüşli jaňlar we olaryň atlandyrylyşy barada gadymy sözlüklerde hem aýdylýar. Ata-babalarymyz ir döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan söwda kerwenlerinde jaňlary örän köp ulanypdyr. Olary tegelek görnüşde, ýagny içi açyk, aşak tarapy boş şekilde demirden ýuka hem-de galyň görnüşde ýasapdyrlar. Jaňlar köp görnüşli bolupdyr. Türkmen jaňlary juda ir döwürlerden bäri belli bolup, geçmişde olar durmuşyň dürli maksatlarynda giňden ulanylypdyr. Kerwenlerde kerweniň öňüni çekýän, kerweniň ortasynda ýöreýän hem-de kerweniň soňuny çekip gelýän düýä ses taýdan bir-birinden tapawutlanýan jaňlar dakylypdyr.

Gülaýym MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň ylmy-usulyýet we muzeý işleri boýunça jemleýji bölüminiň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar