Äpet atlaslar

6 Dekabr 2021
2426

Geografik atlas — bu Ýer üstüniň tebigy we ykdysady-durmuş ýagdaýy baradaky bilimleri, ylmy garaýyşlary jemleýän geografik ensiklopediýa bolmak bilen, dürli ugurlara degişli kartalary, statistik maglumatlary we dürli suratlary özünde jemleýär. Berilýän maglumatlar okamak we öwrenmek üçin aýdyň, düşnükli hem-de elýeterli görnüşde bolýar. Geografik atlaslar şekillendirilýän meýdany, mazmuny, maksady, göwrümi boýunça birnäçe toparlara bölünýär.

Häzirki zaman tehnologiýalaryň ösmegi bilen geografik atlaslaryň çap edilen görnüşlerinden başga, kartografik önümleriň kompýuter görnüşine islegler artýar. Internet ulgamynyň ösmegi netijesinde bolsa kagyzsyz kartalary we atlaslary döretmeklige uly üns berilýär. Emma döredilýän kartografik önümleriň diňe bir elektron görnüşini ösdürmek bilen çäklenilmeýär. Adaty däl ululyklarda taýýarlanyp, çap edilýän, bütin dünýäniň adamlaryny haýran galdyrýan kartografik önümler hem bar.

Beýleki habarlar