«Vale» kompaniýasy demir magdany önümçiliginiň çaklamasyny 315 – 320 million tonna ýetirdi. Kompaniýa geçen aýda 315 – 335 million tonna aralygynda demir magdanynyň öndüriljekligi barada çaklama beripdi.
2022-nji maliýe ýylynda bolsa, kompaniýa 320 – 335 million tonna magdan öndürmekligi meýilleşdirýär. Şeýle-de «Vale» kompaniýasy Nýu-Ýorkda geçirilen birža söwdalarynda geljek — 2022-nji ýylda maýa goýum çykdajylarynyň ABŞ-nyň 5,8 milliard dollaryna ýetmegine garaşýandygyny mälim etdi.