Gün batareýalaryny öndüriji «Canadian Solar» kompaniýasy ýaşyl tehnologiýany dörediji «Contemporary Amperex Technology» kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Kompaniýalar Gün energiýasyny saklamak üçin litiý-ion batareýalaryny öz içine alýan toplumy hödürlär.
Batareýalary bolan Gün panelleri energiýa sarp edilişini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, käbir jaý eýeleri merkezi elektrik togy kesilen ýagdaýynda yşyklandyryş we sowadyjy üçin gyssagly güýç çeşmesi hökmünde Gün batareýalaryna bil baglaýarlar. «Mordor Intelligence»-niň çaklamalaryna görä, dünýäniň global Gün batareýa bazary öňümizdäki bäş ýylda 24% öser.