«Tes­la» ça­ga­lar üçin elekt­rik kwad­ro­sikl ön­dür­di

5 Dekabr 2021
1679

«Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy «Cyberquad» kwad­ro­sik­liň ça­ga­lar üçin gör­nü­şi­ni önüm­çi­li­ge goý­ber­di. Bu ha­bar ge­çen hep­dä­niň pen­şen­be gü­nün­de kom­pa­ni­ýa­nyň web-sa­hy­pa­syn­da peý­da bol­dy. Se­kiz we şon­dan uly ýaş­ly ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen «Cyberquad for Kids» kwad­ro­sik­li bi­te­wi po­lat ra­ma, ýum­şak otur­gyç we saz­lan­ýan yz­ky tor­moz dis­ki bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr. Do­ly elekt­rik­leş­di­ri­len kwad­ro­sikl sa­gat­da, tak­my­nan, 16 ki­lo­metr tiz­lik bi­len ýol geç­ýär. Do­ly zar­ýa­dy üçin bäş sa­ga­da çen­li wag­ty sarp ed­ýän ba­ta­re­ýa­sy onuň 24 ki­lo­met­re çen­li ýol geç­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. Ça­ga­lar üçin kwad­ro­sik­liň ba­ha­sy ABŞ-nyň 1900 dol­la­ry­na deň bo­lar. Soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ça­ga­lar ula­gy şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ba­za­ra çy­ka­ry­lar. 

Taýýarlan: Ilmyrat AKMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Beýleki habarlar