Ta­ryh­da il­kin­ji SMS ha­ba­ry

5 Dekabr 2021
1528

Gys­ga SMS ha­bar be­riş ul­ga­my bi­len bi­ziň hem­mä­miz ta­nyş.

SMS-iň öý­jük­li ul­gam­la­ryň müş­de­ri­le­ri­niň ara­syn­da gys­ga tekst ha­bar­la­ry­nyň alyş-çal­şy­ny ama­la aşyr­mak üçin hyz­mat bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny hem­mä­miz bil­ýä­ris. Ýö­ne bu ul­ga­myň ha­çan ula­ny­şa gi­ri­zi­len­di­gi­ni bil­ýä­ňiz­mi? Tä­ze ha­bar­laş­ma ul­ga­my­ny dö­ret­mä­ge ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň in­že­ner­le­ri 1984-nji ýyl­da baş­la­dy­lar we in­no­wa­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň tas­la­ma­sy­ny 1989-njy ýyl­da ta­mam­la­dy­lar. Şeý­le­lik­de, 1992-nji ýy­lyň 3-nji de­kab­ryn­da prog­ram­ma­çy Ne­il Pap­worth adam­zat ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek şah­sy komp­ýu­te­rin­den Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «Voda­fo­ne» öý­jük­li ara­gat­na­şyk ope­ra­to­ry­nyň di­rek­to­ry Ri­çard Jar­wi­siň mo­bil te­le­fo­ny­na «Tä­ze ýy­lyň gut­ly bol­sun!» di­ýen il­kin­ji SMS ha­ba­ry­ny ýol­la­dy. Bi­raz soň­ra — 1993-nji ýyl­da GSM öý­jük­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my ar­ka­ly Finl­ýan­di­ýa­nyň «No­kia» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň SMS ýaz­ma­gy ar­ka­ly «öw­re­di­len» mo­bil te­le­fo­nyn­dan il­kin­ji SMS ha­ba­ry ibe­ril­di.

Taýýarlan: Serdar DURDYÝEW,
Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar