«Hyundai » önümçilikdäki örüsini giňeltdi

3 Dekabr 2021
1697

 «Hyundai » kompaniýasy 9 orunlyk täze «Staria » mikroawtobusyny döretdi. Uly maşgalalar we kärhanalar üçin niýetlenen bu uly ulag 18 dýuýmlyk tigir, LED lampalar we piksel çyralar bilen üpjün edilipdir. Mundan başga- da, awtoulagda 9 sany oturgyç bolup, 4 hatara ýerleşdirilendir. Diwana çalymdaş üç orunlyk oturgyç diňe yz tarapda bar, galan hatarlarda iki sany oturgyç bar. Ikinji hatardaky oturgyçlary garşysyna öwrüp, ýolagçylaryň ýüzbe- ýüz oturmagyny hem üpjün edip bolýar. Bu, esasan, uly ýygnaklara gatnaşýan adamlaryň konferensiýa barýan wagty gürrüňdeşlik geçmegine uly mümkinçilik berýär. Mundan başgada, awtoulagyň içinde ösen kontur yşyklandyrylyşy (saýlamak üçin 64 reňk) bar. Ulagyň içinde öz ýakyn hossarlaryň we dostlaryň bilen kiçiräk doglan günleri, dabaralary geçirmek hem gyzykly bolar. Şeýle- de, howany sazlaýjy enjam hem bolup, ol ýylyň ähli paslynda howa ýagdaýyny durnukly saklamaga ukyplydyr. Ulagyň öň tarapynda üýtgeşik ýerleşiş bar. Sürüjiniň öňündäki paneliň üstünde dolandyryş paneli, merkezi konsulda uly duýgur ekranly howa dolandyryş paneli bilen birleşdirilen 10,25 dýuýmlyk multimedia ulgamy bar. Umuman aýdanyňda, bu awtoulag önümçiligini ýola goýujylar öndüren awtoulaglarynyň dünýä bazarynda isleg bildirilýän ulag boljakdygyna ynanýarlar. Oguljennet NAZAROWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Informatika we maglumat tehnologiýalary » kafedrasynyň mugallymy.

Beýleki habarlar