Tä­sin­lik­le­riň tä­si­ri

2 Dekabr 2021
1957

Binanyň içinde aýna gapjagazlarda dürli-dürli reňkdäki suwlar diýjekmiň, gözüňi dokundyrýan her tüýsli hoşboý ysly otag gülleri diýermiň, bygyr-bygyr gaýnap duran ululy-kiçili gazanjyklar, garaz, ol ýeri dünýäniň içindäki özboluşly dünýä. Göýä, multifilmlerdäki jadygöýüň täsin otagynda gezmeläp ýörene döndüm. Iň çetki otaglaryň birinde ak halatly, tabşyrylan ýumuşlaryny köstsüz etjek bolşup duran ýaş talyplara, şägirtlerine bir zatlary görkezip ikibaka ýöreýän mugallymlara nazaryň kaklyşanda, görýänlerimiň hyýaly dünýä däl-de, hakykatdygyna magat göz ýetirdim. Dessine-de partanyň bäri çüňkünde talyplaryny daşyna gallan ýaş zenan mugallymyň ýanyna ýelk ýasadym. Ýetişiksiz günde ýaly görünýän mugallym gözüme diýseň yssy göründi. Göwnüme bolmasa, ol eýýäm öz hünärinden kämil baş çykarýana meňzeýärdi. Ynamym meni bu gezegem aldamady. Ýakynlaşdygyňça kem-kem aýyl-saýyl gulagyňa ilýän sesler muny aýdyňlaşdyrdy:

— Bilşimiz ýaly, talyplar, ulanyşdan galan batereýalarda grafit bolýar. Biz olardan grafen oksidi almak üçin birnäçe işleri geçirmeli. Biler bolsaňyz, olaryň köp bölegi ilatly ýerlerde, meýdanlarda duş gelýär. Şonuň üçin biz ertir ir bilen işe girişmeli boljak. Ýanyňyza gerekli ýol esbaplaryňyzy alyp, taýýar boluň, ertir ýola çykýas...

Ogulnar MÄMMEDOWA,
«Diýar».
Beýleki habarlar