«Cisco Systems» kompaniýasy 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde ABŞ-nyň 3 milliard dollary möçberinde girdeji gazandy. Hasabat döwründe kompaniýanyň girdejisi 12,9 milliard dollaryna çenli ýokarlandy. Bilermenler kompaniýanyň girdejisiniň ABŞ-nyň 12,98 milliard dollary möçberinde bolmagyny çaklaýardylar. Kompaniýa girdejisini has-da ýokarlandyrmak üçin täze hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrýar. Bu babatda «Cisco Systems» birnäçe önümçilik kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlygyny ýola goýdy.