Ýusup ibn Taňryberdiniň «Röwşen ýyldyzlar» atly eserinde soltan Alp Arslanyň beýany

25 Noýabr 2021
2979

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda adamzat taryhyna uly goşant goşan türkmen halkynyň baý we şöhratly taryhyny öwrenmekde, dikeltmekde we ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Türkmen halky ençeme müňýyllyklaryň dowamynda köp sanly döwletleri gurup, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Orta asyrlarda şan-şöhrata beslenen şeýle döwletleriň biri hem Memluk türkmenleriň (1250-1517) döwletidir. Memluk türkmen döwletinde ýaşap geçen Ýusup ibn Taňryberdiniň (1410-1470) döredijilik mirasy öz döwrüniň taryhyny öwrenmekde gymmatly we ygtybarly çeşmedir. Alymyň hakyky ady Abul Mahasyn Jemalleddin Ýusup ibn Taňryberdi el-Atabegi el-Ýaşbugawy ez-Zahyry bolup, ol takmynan 1410-njy ýylda uly emeldaryň maşgalasynda dogulýar. Asly Anadoly türkmenlerinden bolan Ibn Taňryberdi ýaşlykdan aýratyn zehini bilen tapawutlanyp, döwrüniň iň ussat halypalaryndan ders alýar. Onuň gyzyklanýan ugurlarynyň arasynda astronomiýa, matematika, teologiýa, saz we edebiýat aýratyn orun tutýar. Alym taryha degişli işleri bilen döwrüniň iň tanymal taryhçysy hasaplanýar. Onuň «En-nujumuz-zähire fi muluki Mysr wel-Kahyre» («Müsür we Kair patyşalary hakynda röwşen ýyldyzlar»), «El-menhelus-safy wel mustewfi bagdel-Wäfi» («Wafydan soňra tamamlaýyjy we dury çeşme») atly kitaplarynda gymmatly taryhy maglumatlar berilýär. Alymyň agzan ilkinji eserinde meşhur şahsyýetleriň, soltanlaryň, hökümdarlaryň, emirleriň, alymlaryň we şahyrlaryň 3 müňe golaýynyň terjimehaly barada giňişleýin maglumat berilýär. Alymyň bu uly göwrümli ensiklopedik eseri Memluk türkmen döwletiniň 1250-1458-njy ýyllar aralygyndaky taryhy wakalaryny özünde jemleýär. Bu eseriň başy Memluk türkmen döwletiniň gurujysy soltan El-melikul Mugyz Yzzeddin Aýbeg Türkmeniň (1250-1257) ömür beýany bilen başlanyp, memluk soltany Seýfeddin Ynal el-Melikul Eşrefiň (1453-1461) tagta geçen döwrüne çenli aralygy öz içine alýar. Eseriň ahyrynda şägirdi we kätibi bolan Ahmet bin Hüseýin Türkmen tarapyndan ýazylan Ibn Taňryberdiniň terjimehaly ýerleşdiripdir.

Pa­ra­hat GOÇ­DUR­DY­ÝEW.
Beýleki habarlar