Te­le­ke­çi­lik hu­kuk gat­na­şyk­la­ry­nyň düz­gün­leş­di­ri­li­şi

22 Noýabr 2021
2409

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly Baştutanlygynda, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň telekeçilik çygrynyň ösüşi barha batlanýar. Bu babatda döwlet tarapyndan ähli zerur çäreler maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 47-nji maddasynda bolsa: «Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr» diýip bellenilýär. Häzirki wagtda döwletimizde telekeçilik işini hukuk taýdan ösdürmek ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Telekeçilik işi konstitusion kada esasynda döwlet goldawyna eýe bolýar. Munuň subutnamasy hökmünde eýeçiligiň görnüşine we ýurduň haýsy welaýatynda ýa-da şäherinde alnyp barylýandygyna garamazdan, telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahslara döwlet tarapyndan zerur goldawyň beriljekdigi Konstitusiýada kepillendirilendir.

Esasy Kanunymyza telekeçilik barada ýörite maddanyň girizilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde «kiçi we orta telekeçilik» diýen düşünjäniň peýda bolmagyna getirdi. Şol bir wagtyň özünde, bazar gatnaşyklarynda bäsleşigi saklamakda, döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi üçin zerur bolan syýasy, kanuny we maliýe ýardamyny bermegiň konstitusion esasy işlenilip taýýarlanyldy. Dünýä ykdysadyýetinde bolşy ýaly, kiçi we orta telekeçilige ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy hökmünde garalýar. Bu düşünjeden ugur alan Türkmenistan telekeçilige, hususan-da, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilmegine uly üns berýär we muny ykdysadyýeti pugtalandyrmagyň esasy ugry hasaplaýar. Bu babatda Türkmenistanyň hukuk ösüşiniň häzirki döwründe telekeçilik işi baradaky kadalaryň durmuşa geçirilmeginiň, milli kanunçylyga ornaşdyrylmagynyň zerurlygy jedelsizdir.

Sel­bi NUR­GEL­DI­ÝE­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň hu­kuk fa­kul­te­ti­niň ta­ly­by.
Beýleki habarlar