Amerikanyň meşhur «MotorTrend» awtoulag žurnaly geçen hepde ABŞ-nyň elektromobilleri öndürýän «Lusid» kompaniýasynyň döreden «Air» awtoulagynyň 2022-nji ýylyň «Motor Trend Car of the Year» awtoulag baýragyna eýe bolandygyny habar berdi. «Motor Trend»-iň maglumatyna laýyklykda, «Lusid Air»-iň görkezijileriň esasy altysynyň her birinde ýokary netijileri gazanandygy barada aýdylýar. Bu pudakda awtoulag öndürijileriniň önümçilige goýberen ilkinji awtoulagynyň baýrak almagy ilkinji gezekdir. «MotorTrend» öz habarynda «Lusid Air»-i elektrik ulaglarynyň täze etalony diýip atlandyrdy.