Eneler ýylgyrsa, älem ýylgyrýar

18 Noýabr 2021
2171

Ene mähribanlygy diýen jümläniň aňrysynda ullakan many bar. Ene mähri ynsan göwnüni güneş ýaly ýylylygy, älem kimin giňligi bilen maýyl edýär. Ene mährinde gudrat bar, güýç bar. Mähriban eneleriň ýüreginde joş urýan şol mähir-muhabbet, olara goýulmaly hormat-sarpa hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda çuň mazmunly rowaýatdyr tymsallaryň, dürdäne jümleleriň, parasatly pähimleriň üsti bilen giňden beýan edilýär. Maşgalanyň ruhy daýanjy we mähir çeşmesi bolan eziz enelere bagyşlanan bu kitapdaky: «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçin hem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr» diýen jöwher jümleleri okanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň halkyň göwün güzerinden inip, ýürek sesini duýýandygyna we ony dürdäne eserlerinde aýdyň şöhlelendirýändigine doly göz ýetirýärsiň.

Mähriban eneleriň maşgala mukaddesligini goramaga gönükdirýän yhlasy, ogul-gyzlaryna berýän edep-terbiýesi her bir türkmen maşgalasynda ýakyn hossarlar bilen birlikde, il-halka, ata Watana, ene topraga goýulýan hormatyň dury çeşmesi bolup durýar. Şulary nazara alyp, biziň ählimiz geljekde hersi bir maşgala ojagynyň öý bikeleri boljak gyz perzentlerimizi milli ýol-ýörelgeleriň ugry bilen, bilim-terbiýeli, edep-ekramly, eli çeper gözeller edip kemala getirmäge borçludyrys.

Gurbansoltan ANNAÝEWA,
Sarahs etrap häkimliginiň Raýat ýagdaýynyň nama ýazgylary bölüminiň müdiri, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar