ABŞ-nyň Massaçusets tehnologiýa institutynyň hünärmenleri robotlary özara gatnaşyklara endik etmegi öwredendikleri barada habar berdiler. Habarda häzirki zaman robotlarynyň çylşyrymly işe ukyplydygy, ýöne iň kämilleriniň hem sosial gatnaşyklar üçin döredilmändigi aýdylýar. Inženerler robotlaryň beýleki akylly enjamlary kabul edip, olar bilen aragatnaşyk gurmaga synanyşýan algoritmleri döretmegi başardylar. Alymlar robotlaryň beýleki akylly enjamlaryň maksatlaryna we wezipelerine düşünmek üçin, olaryň özüni alyp baryş hereketlerini seljerýändiklerini aýtdylar. Eger-de robotlaryň biri agaja suw berjek bolsa, beýlekisi oňa bu meselede kömek edip biler — gap berer, suw getirer. Alymlaryň sözlerine görä, sosial hereketler käbir meseleleriň has çalt çözülmegi üçin robotlaryň özara täsirli aragatnaşygy üçin zerurdyr.