Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ekologiýa babatynda alnyp barylýan işler tebigaty goramaga, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmäge hem-de çölleşme hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Eziz Diýarymyzda täze seýilgähleri we tokaý zolaklaryny döretmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjekleri bagy-bossanlyga bürenýär, şäherdir obalarymyz tebigatyň owadanlygy bilen sazlaşyp, ekologiýa abadançylygynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek barada giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär. Ýurdumyz BMG-niň düzüm birlikleri bilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde uly işleri durmuşa geçirýär. Şu nukdaýnazardan şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki çykyşynda halkara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň hatarynda dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň ählumumy wehimlerine we howplaryna garşy hereket etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ekologiýa we beýleki meseleler barada ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlaryny we başlangyçlaryny beýan etdi. Häzirki wagtda Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklap galmak meseleleriniň özara baglanyşyklydygyna hem-de aýrylmazdygyna göz ýetirmek bilen, Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek boýunça başlangyjy öňe sürmegi, ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlary ilerletmäge möhüm ähmiýet berilýändigini görkezýär. Türkmenistan ekologiýa meseleleri boýunça öz esasy çemeleşmelerinde Durnukly ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmekde işjeňligini görkezýär.