Eneligiň we çagalygyň goragy

8 Noýabr 2021
2002

Berkarar döwletimiziň ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenmegi bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş, üpjünçilik şertleri günsaýyn gowulanýar. Gahryman Arkadagymyzyň enelere goýýan sarpasynyň netijesinde ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri kemala getirýän, mähremligiň, gözelligiň, päkizeligiň, edep-ekramyň ajaýyp nusgasy bolan mährem enelerimiz, zenanlarymyz bagtyýar zamanamyzda uly hormatdan peýdalanýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatyndan ugur alnyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň geljegi bolan bagtyýar nesillerimizi ynsanperwerlik, milletimiziň ruhy-ahlak ýörelgelerine ygrarlylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýeläp ýetişdirýändikleri üçin eziz enelerimize aýratyn hormat goýlup, her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli 8 we şondan köp çagany dünýä inderip, olary mynasyp terbiýelän zenanlaryň ençemesi Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolýar.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda eden çykyşynda: «Biz maşgala gymmatlyklaryna aýratyn üns berýäris. Ýaşlarymyzyň belent ahlak sypatlary şol gymmatlyklar esasynda kemala gelýär» diýmek bilen, maşgalada çaga terbiýesine aýratyn ähmiýet bermelidigini belledi. Munuň özi, ýurdumyzda adamlaryň ýaşaýyş-durmuş zerurlyklary barada yzygiderli aladalaryň edilmegine, her bir ojakda maşgala gatnaşyklarynyň has-da berkemegine üns berilýändigini tassyklaýar.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar