Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasaty netijesinde, döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde, Türkmenistan häzirki döwürde dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulyşýan ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Eziz Watanymyzyň durnukly ösmegini üpjün etmek şol syýasatyň esasy maksadydyr.
Hormatly Prezidentimiz sebit we ählumumy meýilleriň üýtgeýän isleglerini hasaba almak bilen, Türkmenistanyň çeýe eksport syýasatyny emele getirmek üçin dünýä bazarlarynyň ýagdaýyna yzygiderli seljerme berilmeginiň zerurdygyny hemişe nygtaýar. Şunda döwlet Baştutanymyz telekeçiligiň ösdürilmeginiň milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de netijeliligini ýokarlandyrmagyň ygtybarly ýoludygyny belleýär.