Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik özgertmeleri, döwletli tutumlary halkymyzyň durmuş ösüşini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrýar. Bu oňyn görkezijiler parahatçylyk, ösüş we işjeňlik häsiýete eýe bolan daşary syýasatymyzyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylmagyna mynasyp esas döredýär. Ýurdumyzyň ählumumy howpsuzlygyny üpjün etmek düşünjesiniň bitewüliginden ugur alyp, howpsuzlygyň aýry-aýry ugurlaryna degişli bolan ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi ýaly wajyp meseleleri çözmek babatynda beýan edýän dünýä ähmiýetli başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginiň umumy tagallalary bilen utgaşýar. Çünki şeýle başlangyçlary öňe sürmegiň düýp maksady, ilkinji nobatda, ynsany gurşap alýan tebigaty gorap saklamak, tebigy serişdelerimizi netijeli peýdalanmak bilen, olary diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, sebitiň we dünýäniň durnukly ösüşine mynasyp goşant goşmaga gönükdirmekden ybaratdyr.
Ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi häzirki wagtda diňe bir ýurdumyz üçin däl-de, tutuş dünýä ýüzüniň öňünde duran wajyp wezipeleriň biri bolup, ol dünýäniň ösüşiniň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda halkara ulgamynda ekologiýa diplomatiýasyny hem dürli derejelerde işjeň alyp barýar.