Ýurdumyzda ýaş nesliň ahlak taýdan arassa, akyl taýdan üşükli, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Terbiýe çaga dünýä inen gününden başlanýar. Onuň geljekde nähili bolup ýetişjekdigi maşgala agzalaryna, şeýle-de gatnaşyk saklaýan jemgyýetine bagly bolup durýar. Şunda her bir ene-atanyň ilkinji aladasy çaga dogry terbiýe bermekden ybaratdyr.
Çaganyň aňy çalt ýatda saklamaga we gaýtalamaga işjeň bolýar. Bu ýagdaýda maşgalada ýönekeý ýaly görünýän, emma örän üns berilmeli ýagdaýlar bolýar. Meselem, ene-atasynyň saçak başyndaky edebine görä iýip-içmegi, olaryň gürleýiş äheňine görä onuň hem şeýle äheňde gürlemegi ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar.