Bir nahal ekseň...

4 Noýabr 2021
1855

Jemgyýetde ynsanyň bagtyýar durmuşy misli ösüp oturan daragt kimindir. Sebäbi eşretli ýaşaýşa-da, gök öwüsýän daragta-da kuwwatly ösüş mahsusdyr. Ynsan hem, daragt hem tebigatyň peşgeşi. Bu sazlaşykly ösüş tebigatyň kanunydyr. Ösüş bolsa kesgitli bir ugra tarap hereketdir, köneden täzä, ýönekeýden çylşyrymla, aşaky derejeden has ýokary derejä ýetmekdir. Çünki eşretli durmuş kuwwatly daragt hökmünde mähriban topragymyzyň köklerine siňip, ösüp, gülläp, miwe getirip, halkymyzyň gadymy, asylly däplerini, umumadamzat gymmatlyklaryny, ösüşiň, bagtyýarlygyň nusgasy kimin şöhlelendirýär. Halkymyzyň «Bir nahal ekseň, ýaşyň bakydyr!» diýen ündewi bagtyýarlygy, ösüş tizligini alamatlandyrýar.

Ynsan ýaşaýşynyň tebigat bilen syrly sazlaşygynyň manysyny Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belli şahsyýetleriň mysalynda açyp görkezýär. «Gül, sen nädip, öz içiňden açylyp bilýäň?», «Gül öz içinden açylýar, şonuň üçin hem gül owadan, gül näzik, gül ýakymly bolýar» diýen ýaly ajaýyp pelsepewi pikirleriň ýa-da «Derýalar öz suwuny özi içenok, miweli agaçlar hem miwesini özi iýenok» diýen ýaly täsin pelsepewi pikirleriň hanlar hany Abdyrahym hana degişlidigini mysal getirýär.

Aýnabat ANNALYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar