Hormatly Prezidentimiziň türkmen telekeçilerine ynamy, olaryň ygrarlylyk bilen öňde goýlan wezipeleri berk berjaý etmegi netijesinde gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler halkara derejede ykrarnama eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň 29-njy oktýabrda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini açyp, ony ulanmaga ak pata bermegi, ýurdumyzyň hususyýetçilerine halkara derejeli şeýle iri taslamalaryň gurluşygynda geljekde hem uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etmegi, gurluşygyň ýokary hiliniň abraýly güwänamalara eýe bolmagy buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, düýn Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde geçirilen «Arkadagyň ak ýollary» atly aýdym-sazly hoşallyk maslahatynda örän buýsançly çykyşlar diňlendi.
Milli Liderimiziň hususy ulgamyň wekillerine bildirýän ynamy, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysadyýetini we döwletara gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýeti bu taslamanyň milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, döwrebap senagat we ulag düzümini döretmekde türkmen telekeçileriniň işjeň orun eýeleýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýändigini bellemegi geljekde hem yhlasly işlemäge, döretmäge, gurmaga ruhlandyrýar. Şa gadamynyň bu ýola düşmegi, hormatly Prezidentimiziň «Ýoluňyz ak bolsun, eziz watandaşlar!» diýen dogaýy sözleri, awtoulaglary ýokary ussatlyk bilen dolandyryp, täze ýolda hereketiň başlanmagyna ak pata bermegi hususyýetçileriň alyp barýan işlerini has-da rowaçlandyrýar.