Çagalaryň saglygy - ýurduň baýlygy

3 Noýabr 2021
2058

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda körpe nesliň saglygyny, kadaly ösüşini üpjün etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzda çaganyň irki ösüşine uly ähmiýet berilýär. Ýaş nesliň goraglylygy, sagdyn ösüşi bagtyýar ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda çagalaryň beden we akyl taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, hemmetaraplaýyn ösen bolmagy, oňat bilim almagy üçin köpugurly şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 18-nji iýunynda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da artdyrýar.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar