Amerikaly işewür Ilon Maskyň «Tesla» kompaniýasynyň maýa dolanyşygy Nýu-Ýorkuň gazna biržasyndaky söwdalarda ABŞ-nyň 1 trillion dollaryndan geçdi. «Tesla» 100 müň sany elektromobil sargyt eden «Hertz Global» holdingi bilen baglaşan şertnamasyndan soň, kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy has-da gymmatlady. Has takygy, paýnamalar 9% ýokarlandy we bu görkeziji «Tesla»-nyň 1 trillionlyk belgini geçmegine ýardam berdi. Ýöne muňa garamazdan, Maskyň kompaniýasy häzirlikçe bazaryň öňdebaryjylaryndan ep-esli yzda barýar. Mysal üçin, «Apple»-niň bazar bahasy ABŞ-nyň 2,46 trillion dollaryna, «Microsoft»-yň bazar bahasy ABŞ-nyň 2,3 trillion dollaryna barabardyr. Ýeri gelende, «Tesla»-nyň 1 trillionlyk sepgide ýetmekde tizlik rekordyny goýup, 18 ýylyň içinde ýetendigini bellemelidiris.