Dünýäniň iň baý adamy, «Amazon» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos garrylyk bilen göreşmek üçin ynsan ömrüni uzaldýan tehnologiýalary işläp düzýän «Altos Labs» startap kompaniýasynyň inwestory boldy.
Häzirki wagtda «Altos Labs» startap kompaniýasy garrylyk prosesini öwrenmekde hem-de nerw öýjüklerini üýtgetmekde gerekli bolan tehnologiýalary işläp çykarýar. Bu taslamalar Nobel baýragynyň eýesi, ýaponiýaly alym Ýamanaka Şinýiniň ylmy işi esasynda alnyp barylýar.