Soňlanmaýan sowal

21 Oktýabr 2021
1981

Säher bilen işe ugranymyzda jagyl-da-jugul bolşup çagalar bagynadyr ak mekdebe gyssanyp barýan körpeleri görüp, hyýalymyzda gaýdyp hiç haçan gaýdyp gelmejek çagalygymyza dolanýarys. Iň ajaýyp ýatlamalary bagyş edýän şol günler hakydaňdan çykanok. Mugallym bize: «Hany çagalar, kim goşgy aýdyp berjek?!» diýse hemmelerden öň elimi galdyrýanym häzirki ýaly ýadymda. Iň söýgüli goşgymyz bolsa şahyr Gurbandurdy Gurbansähedowyň «Enedir, ene» goşgusydy.

Soranmyş bir wagt Aý Güne bakyp,
Dünýäniň görki nä, aýdyp bersene!
Gün hem diýenmişin nuruny döküp,
Dünýäniň bar görki enedir, ene!

Dürnabat AŞYROWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar