Häzirki wagtda Türkmenistanyň sebitiň we dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy täze depgine we many-mazmuna eýe bolýar. Döwletimiz halkara giňişliginde umumadamzat ähmiýetli derwaýys wezipeleriň çözgüdini taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Türkmenistan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda BMG hem-de onuň düzüm birlikleri, hususan-da, BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, şeýle hem Araly halas etmegiň Halkara gaznasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen bilelikde milli we sebitleýin derejedäki onlarça taslamalary durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň kabul eden halkara hukuk resminamalarynyň hatarynda «Türkmenistanyň Aral boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny», «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» rejelenen görnüşini, şeýle hem «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» görkezmek bolar. 2021-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde milli Liderimiziň öňe süren başlangyçlary, hususan-da, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny we Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky teklipleri dünýä bileleşigi tarapyndan uly gyzyklanma döretdi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ynsanperwer ýörelgelerinde ýurdumyzyň halkara ekologiýa başlangyçlarynyň ähmiýeti şöhlelenýär. Bu ugurda her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni, 5-nji iýunynyň Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni diýlip ählumumy derejede bellenilmeginiň aýratyn ähmiýeti bardyr. Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň işjeň agzasy bolan ýurdumyzda hem bu halkara ekologiýa seneleri jemgyýetçilik işjeňliginde bellenilip geçilýär. Ýaş nesle tebigata aýawly garamagy ündeýän wagyz-nesihat, guramaçylyk çärelerini yzygiderli geçirmek ýurdumyzda däbe öwrüldi.