«Time management»-e görä hereket

20 Oktýabr 2021
1601

«Time management»-iň gymmatyna düşünýän Merjen atly topardaşym bardy. Bir gün onuň okuw otagynda unudan ýandepderçesi başga bir hünäriň talyplarynyň Merjeniň her gün üçin meýilnama düzüp, şoňa görä hereket edýändiginden habar tapmasyna sebäp boldy. Ýandepderçäni okan talyplaryň bu gowy hem geň endik hakynda köp ýerde dil ýarmaklary bolsa, topardaş gyzymy tanaýanlaryň sanawyny artdyrdy gidiberdi. Soňabaka mugallymlaram onuň bu endigi barada eşidip, Merjene bu işi edip ýalňyşmaýandygyny ýaňzydyp başladylar. Şondan soň ýyllykdaşym öňküler ýaly: «Žurnalistikadaky Merjen bar-a...» diýip däl-de, «Time management»-e görä hereket edýän gyz bar-a...» diýip tanaldy...

Aslynda-ha, Merjen meýilnamany diňe bir gün, bir hepde ýa bir aý däl, eýsem, ýyllar üçin taýýarlaýan eken. Munuň şeýledigini bilmegime hälki ýandepderçäniň ýantorbama tötänden düşmegi sebäp boldy. Garasaý, azaşmagy halaýan ýandepderçe maňa topardaşym hakynda köp zady «gürrüň berdi». Bir günem okuwdan öýe barýarkak aladaly görünýän topardaşymyň göwnüni götermek üçin onuň ýandepderçesinden okanlaryma esaslanyp:

Sülgün BAZAROWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».
Beýleki habarlar