Bu, megerem, hususy önüm öndürijileriň arasynda iň ýokary görkeziji bolsa gerek. Islendik önümde onuň diňe bir görnüşini öndürmegiň özi, gör, näçe aladany, zähmeti, harajaty talap edýändir. Bu ýerde bolsa gürrüň bir kärhana tarapyndan önümleriň 2000 görnüşiniň öndürilýändigi barada barýar. Onsoň, «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň ýerli önüm öndürijileriň arasynda önümleriniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýandygy hemmämize aýan hakykat.
2008-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde zawod gurup, ilkinji önümçiligini agyz we lagym suw turbalaryny, olaryň birikdirijilerini öndürmekden başlan bu hojalyk jemgyýeti — döwlet derejesinde hususyýetçiler hakyndaky bimöçber aladalaryň miwesi. Onuň ilkinji ädimleri hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň senagatçylaryny we telekeçilerini özüne birleşdirýän iri jemgyýetçilik guramasynyň — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen, döwlet Baştutanymyz tarapyndan hususy işewürligi ösdürmek hem-de telekeçileri goldamak üçin ähli amatly şertleriň döredilmegini üpjün edýän birnäçe resminamalaryň kabul edilen döwrüne gabat gelýär. Ýörjen-ýörjen wagty golundan tutulyp ýöredilen körpeje ýaly, döwletimiz tarapyndan türkmen telekeçilerine yzygiderli goldaw-hemaýatlaryň berilmegi bilen, «Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti-de önümçiliginiň gerimini barha giňeldip, önümleriniň görnüşlerini has-da artdyrýar.