Dünýä belli kompaniýalaryň biri bolan «Affirm» kompaniýasynyň paýnamalary «Target» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyny ýola goýmagy bilen, 20% ýokarlandy.
«Target» kompaniýasy öz müşderilerine 100 ABŞ-nyň dollary möçberinde satyn almak üçin onlaýn töleg karzyny hödürlemek maksady bilen, «Affirm» we «Sezzle» bilen hyzmatdaşlyk edendigini habar berdi. «Affirm»-iň 2021-nji ýylyň ilkinji aýlaryndaky 49 ABŞ-nyň dollary bahalanyp, satuwa çykarylypdy. Şondan bäri bolsa bu öňdebaryjy kompaniýanyň söwdalary ABŞ-nyň 133,7 dollaryna çenli ýokarlandy. Maglumat üçin, häzirki wagtda kompaniýanyň bazar dolanyşygy ABŞ-nyň 35 milliard dollaryndan geçdi. Hyzmatdaşlygyny giňeldýän kompaniýalaryň söwdalary her hepde ýokarlanýar.