Ösüşleriň nusgalyk ýörelgesi

28 Sentýabr 2021
1763

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda dowamat dowam bolýan asudalyk, abadanlyk, bagtyýarlyk durmuş hakykatynda şöhlelenýär. Garaşsyz Türkmenistanyň şanly 30 ýyly içinde ösüş ýolundaky ýetilen sepgitlere göz aýlap, ähli ugurlarda uly ýeňişleriň gazanylandygyna buýsanýarsyň. Halkymyz öz milli mirasyna, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesine sarpa goýmak bilen, eziz Watanymyzy agzybirlikde çekilen zähmet bilen özgertmegi, gül-gülzarlyga beslemegi başarýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy has-da kuwwatlandyrmaga, mundan beýläk hem il-günümiziň bagtyýar durmuşyny kepillendirmek, raýat jemgyýetini kämilleşdirmek boýunça anyk maksatlary kesgitlemegi jemgyýete hereketiň, öňe gidişligiň, döredijilikli zähmetiň täze joşgunyny getirýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy mähriban Watanymyzda raýatlaryň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün etmek bilen, hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň anyk netijeleriniň halkara derejede ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. Döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça görülýän çäreler, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasynda döredilen häzirki zaman kanunçylyk binýady, syýasy we makroykdysady durnuklylyk, amatly daşary-ykdysady ýagdaý, daşary ýurt maýa goýumlarynyň gelmegini üpjün edýän netijeli maýa goýum syýasaty, tebigy baýlyklaryň netijeli peýdalanylmagy ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etdi. Halkymyzyň saýlap alan Garaşsyz ösüş ýoly «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri» diýlip atlandyrylýan täze taryhy eýýamda mundan beýläk-de öňe gitmek üçin mäkäm esasy üpjün etdi.

Berdimyrat ORAZOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy, Sanly ykdysadyýet kafedrasynyň müdiri.
Beýleki habarlar