Suwuň häsiýetli aýratynlyklary hakynda

20 Sentýabr 2021
2764

Suw tebigatda giňden ýaýran himiki madda bolup, ol Ýer ýüzüniň 71%-ini gurşap alýar. Onuň esasy mukdary ummanlarda, deňizlerde, derýalarda, köllerde, howdanlarda, ýerasty çeşmelerde jemlenendir. Duzly suwly ummanlar Ýer ýüzüniň suwunyň 97%-ini, buzlar we doňaklyklar 2,4%-ini, beýleki görnüşli suwlar bolsa 0,6 %-ini özünde jemleýär. Şeýlelikde, tutuş biziň planetamyzda (ummanlarda, Ýer gabygynda we Ýer üstünde), takmynan, 1,8 milliard kubmetr suw bardyr diýlip çaklanylýar.

Bu suwuň agramy Ýeriň massasynyň bir göterimine golaýdyr. Suw Ýer ýüzündäki iň täsin himiki maddadyr. Şol bir wagtyň özünde suw ýaşaýyş üçin iň zerur serişdedir, tebigatyň adamzada eçilen taýsyz peşgeşidir. Ýerde ýaşaýşyň dowam etmegi üçin gerek bolan ähli şertler suw arkaly emele gelýär. Hiç bir zat suwuň ornuny tutup bilmeýär. Suw ynsan bedenini nemlendiriji maddadyr. Uly adamyň bedeninde 42 litr suw bardyr. Beýnimiziň 95%-ini, ganymyzyň 82%-ini, öýkenimiziň 90%-ini suw emele getirýär. Adam süňküniň 20 göterime golaýynyň suwdan durýandygy lukmançylyk ylmynda mälimdir.

Saparmyrat ARTYKOW,
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar