Dünýäde ylmyň we tehnikanyň ösüşleri halklaryň, ýurtlaryň dostana hem-de birek-birege ynanyşmak arkaly ýeten belent sepgitleridir. Şeýle beýik ösüşleriň durmuşymyzy bezeýän döwründe bilim işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ýaş alymlar döredijilikli zähmet çekýärler.
Ylmyň iň täze gazananlaryny öwrenmek, işiňe, okuwyňa ornaşdyrmak üçin döwür bilen aýakdaş gitmeli. Ylmyň dürli ugurlary boýunça iň täze gazanylan netijelerden, açyşlardan habarly bolmaly. Hut şonuň üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary, ylmy-barlag institutlarynyň ylmy işgärleri maglumat alyp biler ýaly, Internet ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Zehinli ýaşlar tejribeli professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ylmy işlere çekilýär. Ýaşlaryň başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek, mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, olary ýetişdirmek üçin ýokary okuw mekdeplerinde giň mümkinçilikler döredilýär, kömek-goldawlar berilýär. Mugallymlaryň, ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň has-da kämilleşmekleri, professorlaryň öz ugrundan, önjeýli işlemekleri üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag institutlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.