Gül-gülzarly ýurdumyz

14 Sentýabr 2021
1919

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyly jemgyýetimizde milli ýol-ýörelgeleriň täze bir ýokary ruhy göteriliş bilen gaýtadan dikeldilýän beýik döwri boldy. Bu bag ekmek, ýurtda ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak babatda hem şeýledir.

Tebigat bilen özara baglanyşykly ýaşan ata-babalarymyz baglaryň dünýämize bezeg bermek bilen birlikde ynsanyň, janly-jandaryň dem alýan howasyny täzelemekde hem ornuny çalşyp bolmajak peýdasynyň bardygyna ir döwürlerden düşünipdirler. Şol sebäpden hem ýaşaýan ýerlerini, öýleriniň töwereklerini bag-bakjalyga, gül-gülzarlyga besläpdirler.

Serdar DURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar