Beýik maksatlaryň beýany

12 Sentýabr 2021
2417

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, aýratyn hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylyň her bir güni kalbymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümiz merdana halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk ýaly ajaýyp ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli paýtagtymyzdaky Maslahatlar köşgünde umumy okuw sapagyny geçmegi ähli halkymyz üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň watansöýüjilige, ynsanperwer ýörelgelere ygrarly bolmaga çagyrýan, täzeçil garaýyşlar toplumyny özünde jemleýän umumy okuw sapagynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli gowulanmagy ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary giňişleýin beýan edildi. Şeýle-de milli ykdysadyýetimiziň ýeten mümkinçilikleri, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň üstünlikleri, halkara hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary häsiýetlendirildi.

Gurbanberdi GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar