Jaň sesi eşidilse

7 Sentýabr 2021
2758

Taryhy maglumatlara salgylananyňda jaň uzak ýola rowana bolýan kerwenleriň öňbaşçysy bolup, hataryň öňüni çekip barýan düýäniň boýnuna dakylypdyr. Jaň sesini eşideniňde halkymyzyň humly hazynasy bolan gözel Garagum sährasy göz öňüňde janlanýar. Ak mekdebiň gapysyndan ilkinji gezek ätleýän körpejeleri ylym-bilimiň täsin dünýäsine çagyrýan jaň sesi olary ylym-bilimiň çuňlugyna aralaşdyrýar. Ýyllaryň geçmegi bilen ulalyp kemala gelen ýaşlar ylymdyr bilimiň kämil ýoluna düşüp, ak mekdep bilen hoşlaşanlarynda-da ýene-de şol jaň sesine maýyl bolýarlar. Talyp bolmak bagty miýesser edip, ylym ojagynyň bosagasyndan ätlän ýaşlary ylymlaryň täsin dünýäsine çagyrýan hem ýene şol jaň sesi. Şu mysallaryň özi-de jaňyň türkmen durmuşynda ähmiýetiniň uly bolandygyna şaýatlyk edýär. Jaň sesiniň täsin owazy bagtly pursatlaryň buşlukçysy bolup ýaňlanýar. Şol ajaýyp pursatlar bolsa, ynsanyň kalbyndan ömürlik orun alýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer» atly romanynda jaň barada şeýle setirler bar: «Mekdebe zerur bolan parta, stol, oturgyç, klas tagtasy, karta, kitap-depder, okuw-bezeg esbaplary kynlyk bilen hem bolsa tapyldy, alyndy. Hatda obanyň demirçi ussasy düýä dakylýan mis jaňy eýle-beýle edip, mekdebe jaň ýasap berdi».

Annamyrat BERDIMYRADOW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar