Ylym — ösüşiň binýady

1 Sentýabr 2021
2244

Az wagtdan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyna 30 ýyl dolýar. Bu taryh üçin onçakly uly möhlet däl. Şu gysga döwrüň içinde Garaşsyz döwletimizde asyrlara barabar ýol geçildi. Bu gün bolsa Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň at-owazasy dünýäniň çar künjüne ýaň salýar. Amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde günsaýyn gülläp ösýän ýurdumyz diňe ösüşlere beslenýär. Ähli ösüşler, özgerişler, öňegidişlikler bolsa ylym-bilimden gözbaş alýar.

Türkmen — ylma çäksiz sarpa goýýan halk. Bu geçen taryhy döwürlerde-de şeýle bolupdyr, häzirki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe-de şeýledir. Muňa ata-babalarymyzyň «Ylym okan ýol tanar», «Ylym — akylyň ýarysy», «Ylym akyldan dem alar», «Ylym almak — iňňe bilen guýy gazmak», «Ylym köp, ömür az, geregiňi al — daşa ýaz», «Ylym pul bilen alynmaz», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» diýen ýaly gyzyldan gymmatly jümleleri-de şaýatlyk edýär.

Gülistan PORANOWA,
Serdar etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar