“Animakkord” studiýasynyň önümi bolan “Maşa we aýy” rus multserialy dünýä boýunça çagalaryň iň islegli multfilmleriniň ilkinji bäşligine girýär. Ýewropa ýurtlarynda bolsa ol 6 ýaşa çenli körpeleriň iň söýgüli multfilminiň üçlüginde durýar. “Maşa we aýynyň” 150-den gowrak ýurtda görkezilip, dünýäniň 42 diline terjime edilendigi hem körpeleriň arzyly multfilminiň näderejede meşhurlygynyň alamatydyr. 12 ýylyň dowamynda bu multserialyň bäş möwsümi — 104 bölümi körpelere ýetirildi.
“Maşa we aýy” multfilmi ilkinji gezek 2009-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda Russiýadaky “Gijäňiz rahat bolsun, körpeler!” gepleşiginde ýaýlyma goýberilýär. Galjaň, dogumlyja, bilesigeliji Maşa atly gyzjagaz bada-bat çagalaryň söýgüli gahrymanyna öwrülýär.