Bahaweddin Welet

23 Awgust 2021
2452

«Türkmenler dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir» diýip belleýän alym Arkadagymyzyň milli miras baradaky döwlet syýasaty dünýäniň taryhyna, edebiýatyna, medeniýetine goşant goşan ençeme alymlaryň, şahyrlaryň, taryhy şahsyýetleriň ömri we döredijiligi hakyndaky maglumatlary ýüze çykarmagyň ruhy bilen galkyndyrýar. Pähim-paýhasy, pendi-nesihaty, öwüt-ündewi bilen türkmen edebiýatynyň taryhynda orun alan alymlaryň biri hem Bahaweddin Weletdir.

XII — XIII asyrlarda ýaşap geçen Bahaweddin Welet beýik söz ussady Jelaleddin Rumynyň kakasy we ilkinji mugallymydyr. Alymyň ady edebiýatlarda Muhammet Balhy, Bahaweddin Welet, Baha-i Welet, Uly Möwlana («Möwlana-ýe bozorg»), Bahaweddin Welet ibn Hüseýin el-Bekri ýaly görnüşlerde gabat gelýär. Ol halk arasynda Soltanul-ulama (Ulamalaryň soltany) lakamy bilen adygypdyr.

Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar