(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda)
Önümçilik serişdeleriniň ekstensiw ulanylyşyny gowulandyrmak diýlende, bir tarapdan, kalendar döwründe hereket edýän enjamlaryň işiniň wagtynyň köpeldilmegi, beýleki tarapdan, kärhanada bar bolan hemme tehnologiýalaryň düzüminde hereket edýän enjamlaryň udel agramynyň ýokarlandyrylmagy göz öňünde tutulýar. Işlenen wagtyň köpeldilmegini içki çalşyk boş durmalary kemeltmek we ýok etmek, enjamlary abatlaýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, esasy önümçiligi işçi güýji, materiallar, ýangyç we beýleki serişdeler bilen gerekli wagtynda üpjün etmek, enjamlaryň bütin gün boş durmasyny gysgaltmak, çalşyklyk koeffisiýenti ýokarlandyrmak, enjamlaryň artykmaç sanyny kemeltmek we gurulmadyk enjamlary önümçilige tiz işe girizmek bilen gazanyp bolar.