Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Diýarymyzyň ähli ugurlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda düýpli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararlaryna laýyklykda, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” we 2020-nji ýylda “Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy” tassyklanyldy. Sanly ulgama işjeň geçilmeginiň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligi ýokarlanýar. Olar sanly, ýokary tehnologik we maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, şeýle-de, olaryň ulanylmagynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Ýurdumyzda sanly ulgama tapgyrlaýyn, meýilnamalaýyn geçilmegi dünýä hojalyk gatnaşyklarynda häzirki zaman ösen ulgama goşulmagyň möhüm şerti bolup durýar.
Häzirki wagtda dünýäniň ähli döwletlerinde ykdysadyýetiň gelejekki ösüşiniň sanly tehnologiýalary ulanmagyň netijeliligine bagly bolýandygyna göz ýetirýäris. Şonuň ýaly hem sanly ulgama häzirki döwürde geçmek bäsleşik esasynda hem-de maglumat-tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen şertlendirilýär.