Balyklar hem uçýarlar

16 Awgust 2021
3929

Mähriban çagalar, eýsem, siz uçýan balyklar barada eşitdiňizmi? Geň ýaly duýulsa-da, tebigatda balyklaryň uçýan görnüşi hem bar. Olaryň boýy 45 santimetre çenli ýetip bilýär. Şeýle balyklar boýlarynyň uzynlygyna barabar ýüzgüçleri bilen guşlar ýaly ganat ýaýýarlar hem-de uzak aralygy uçup geçýärler. Uçýan balyklar her gezek guýruklarynyň kömegi bilen bat alyp, ugur saýlaýarlar. Olaryň suwuň ýüzüne towsup çykyşy hem täsindir. Bu balyklar suwda sagatda 70 kilometr tizlik bilen ýüzýärler. Olaryň ortaça uçuşynyň dowamlylygy 30 sekunt bolýar. Balyklaryň uçuş beýikligi deňiz derejesinden 6 metre çenli ýetýär. Bu aýratynlyklar olara ýyrtyjy balyklardan gaçyp gutulmaga ýardam edýär. Howp abanan halatynda bu balyklar tizligini güýçlendirip suwy böwsüp, daşyna uçup çykýarlar. 2008-nji ýylyň maý aýynda Ýaponiýada balykçylar şeýle balygyň howada 45 sekuntlap uçuşyny wideoýazgy etdiler.

Bu balyklaryň arkasy goýy gök, ganatlary öwşün atýan çal, ýüzgüçleri bolsa dürli reňklerden ybaratdyr. Täsin balyklar molýusklar, ownuk-uşak suw jandarlary, şeýle-de işbil bilen iýmitlenýärler. Olara «uçýan balyklaryň ülkesi» bolan Barbadosda has köp duş gelmek bolýar.

Beýleki habarlar