Türkmenistanyň energetika ulgamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalar durmuşa geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 MWt bolan Gün we ýel elektrik bekediniň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek barada Karar kabul etdi. Milli Liderimiziň taslanyljak bekediň ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň başlangyjyna öwrüljekdigini, bu ýerde dünýäde iň soňky gazanylan öňdebaryjy tehnologiýalaryň we nou-haularyň ornaşdyryljakdygyny bellemegi geljekde utgaşykly tehnologiýalaryň ýurdumyzda aýratyn ähmiýetli orna eýe boljakdygyna şaýatlyk edýär.