Söýgi söýgüden döreýär

9 Awgust 2021
2032

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021.

Garym-gatym duýgularyň içinden birini sogrup, «Şu söýgüdir-ow» diýäýmek aňsad-a däl. Duýgular bir-birinden owadan, bir-birinden täsin, bir-birinden ýakymly. Olaryň her biri her kime her hili ýaraýar. Birden-birden dagy «söýgi» diýlen aýratyn düşünje ýok, ol ýakymly, owadan duýgularyň toplumy ýaly bolup duýulýar, birdenem, oňa günleriň bir güni göwün köşgüň üçeginden patlap düşjek keramata garaşýan ýaly garaşýarsyň. Şol gelensoň dünýä başgaça bolaýýar diýýälerem welin, özüň başga birine öwrülýän bolaýmasaň, bu goja dünýäniň seniň söýgiňe duşanyň üçin üýtgejek gümany barmy nä?! Ýöne ynha, özüni şeýle özgertjek şol söýgä duşmak, ony tanap bilmek ynsan üçin nähili möhüm bolsa-da, ol pursady başymyzdan geçirmek her birimize miýesser edip baranok. Öňde-de bir akyldaryň aýdyşy ýaly, «Söýmek — bu Hakyň beren ylahy ukyby»...

Aýgül GARAÝEWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar