Bir sütünde iki gatlakdan nebit almak

2 Awgust 2021
2235

Başlangyjy gazetiň geçen sanynda

«Türkmennebit» döwlet konserni guýulardan bir wagtyň özünde aýry-aýrylykda iki we ondan-da köp gatlaklardan nebit çykarmagy üpjün edýän enjamlary göz öňünde tutup, dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen tanşyp, öz ünsüni Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurt kompaniýalarynyň enjamlarynda jemledi. Esasan-da, nebit çykarmagyň bu usuly bilen «çüwdürim-çüwdürim», «çüwdürim — gazlift» we «gazlift — gazlift» çyzgyly tehnologiýany ulanyp, ykdysady seljerme esasynda bir wagtda aýry-aýrylykda nebit çykarmagyň çyzgysyny iş ýüzünde görkezmegi ünsden düşürmän gelýär. Soňky ýyllarda önümçilige täze tehnikalaryň we tehnologiýalaryň batyrgaý ornaşdyrylmagy bu aýdylanlara güwä geçýär. Çünki daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçilerine burawlaýyş işleriniň netijeliligini, gatlaklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanmaga mümkinçilik berdi we berip gelýär. Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen Demirgazyk Goturdepede ilkinji gezek 200-nji we 147-nji guýularda bir sütünde ýokary gatlak gazlift usuly bilen we aşaky gatlak çüwdürim usuly bilen işledildi. Mundan başga-da 29-njy, 37-nji guýularyň dürli çuňluklarynda üç sany ýokary önümli gatlagyň açylmagy bilen olarda hem häzirki zaman tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy oňyn netijelere getirdi. Şeýle hem bu ýerde guýulary ýapgyt we keseleýin burawlamakda ýeterlik tejribe gazanyldy. Umuman aýdanyňda, Demirgazyk Goturdepede guýularda ýerasty baýlyk gözleýjilerimiz tarapyndan iki liftli sütün tehnologiýasy, daşary ýurt kompaniýalaryndan alnan enjamlar, serişdeler, başga-da birnäçe tehnologiýalar täze gazylan guýularda amala aşyryldy. Ýeri gelende aýtsak, bu tenekarly meýdanda ilkinji gezek çuňlugy 4454 — 4629 metr aralyklarda burawlanan guýularyň sütüninde üç sany täze önümli gatlaklaryň üsti açyldy.

Weýis AMANTAGANOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar